Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ: Buş saçyny syrdyrdy


ABŞ-nyň ozalky prezidenti Jorj Buş. 24-nji iýul, 2013 ý.
ABŞ-nyň ozalky prezidenti Jorj Buş. 24-nji iýul, 2013 ý.
Birleşen Ştatlaryň öňki prezidenti Jorj Buş leýkemiýa, ýagny akganlylyk keseliniň bejergisi döwründe saçlaryndan mahrum bolan iki ýaşly oglanjyga duýgudaşlyk bildirmek maksady bilen saçlaryny syrdyrdy.

Öňki prezidentiň metbugat wekiliniň aýtmagyna görä, 89 ýaşly Buş we onuň 26 adamdan ybarat howpsuzlyk işgärleri Patrik atly oglanjygy goldamak maksady bilen saçlaryny syrdyrypdyrlar. Patrik Buşuň howpsuzlyk işgärleriniň biriniň ogludyr.

Şeýle-de, Buşuň howpsuzlyk işgärleri, oglanjygyň medisina çykdaýjylaryna kömek ýygnamak maksady bilen, internet arkaly ýörite kampaniýa başlatdylar.

Jorj Buş 1989-1993-nji ýyllar aralygynda prezidentlik wezipesinde işledi we mundan 60 ýyl öň onuň Robin atly dört ýaşly gyzy leýkemiýa keseli sebäpli ölüpdi.
XS
SM
MD
LG