Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bütindünýä banky Aşgabada basyş etmäge çagyrylýar


World -- World Bank logo, undated
World -- World Bank logo, undated

Adam hukuklaryny goraýjy guramalar Bütindünýä bankyny repressiw ýurtlardaky programmalara üns bilen çemeleşmäge çagyrýarlar. "Human Rigts Watch" we "Crude Accontability" guramalary 25-nji iýulda Bütindünýä bankynyň Türkmenistan babatdaky strategiýasyna gaýtadan garamak boýunça göz öňünde tutýan planlaryny ýalňyş diýip hasaplaýarlar.

Bütindünýä bankynyň Türkmenistanyň hökümeti bilen bilelikde alyp baran birinji proýekti, ýurtda dolandyryş usullarynyň özgermegi nukdaýnazaryndan, netijeli bolmandy diýip, Human Rights Watch guramasynyň maglumatynda bellenilýär.

HRW Bütindünýä banky Türkmenistan bilen gatnaşyklaryny kadalaşdyrmakdan ozal bu ýurduň hökümetini dolandyryş reformalaryny geçirmegi wada bermäge ündemeli diýip hasap edýär.

Guramanyň 25-nji iýulda Bütindünýä bankynyň Türkmenistan boýunça strategiýasyna gaýtadan garamak planlary bilen baglylykda ýaýradan beýannamasynda Türkmenistanyň dünýäde iň ýapyk we repressiw ýurtlaryň biridigi, şeýle-de Bütindünýä bankynyň proýektleriniň bu ýurtda 1997-nji ýyldan bäri işlemändigi bellenýär.

“Repressiw ýurt”

Halkara guramalary öz hasabatlarynda Türkmenistanyň ýyllar boýy raýat hukuklaryna basyş edýän döwlet bolup galýandygyna ünsi çekýärler.

Hususan-da, Human Rights Watch guramasynyň şu ýyl boýunça hasabatynda Türkmenistanyň örän repressiw ýurtdugy we bu ýerde belli bir özgerişligiň göze ilmeýändigi bellendi. Guramanyň ýerine ýetiriji müdiri Kenneth Roth bu ýagdaýyň Özbegistana hem degişlidigi aýtdy.

Türkmenistanyň ykdysady girdejileri ýurduň halkynyň durmuşyna täsir ýetirmeýär, ýurduň nebit-gaz baýlygyna garamazdan, garyplyk güýçlenýär diýip HRW guramasynyň ýakyn günlerde ýaýradan beýannamasynda aýdylýar.

BMG-niň Ösüş programmasyna laýyklykda, Türkmenistan adam ömrüniň uzynlygy boýunça regionda iň pes derejedäki görkizijilere eýe. Adamlaryň ortaça ömri 65 diýlip kesgitlenýär, bu görkeziji 2006-njy ýyldan bäri üýtgewsiz galýar diýip, Human Rights Wacth belleýär.

Şeýle-de, maglumata görä, Türkmenistan regionda çagalaryň ölüm derejesi boýunça ýaramaz görkezijilerde ikinji orunda durýar. Ýurtda her bir müň çagadan 45-si bäş ýaşyna ýetmän ýogalýar.

Reformalara talap bar

2012-nji ýylda Bütindünýä banky Birma bilen gatnaşyklaryny dikeldipdi, emma munuň öňüsyrasynda bu ýurduň hökümeti reformalary geçirmegi wada beripdi.

Türkmenistanda reformalaryň alamatlary-da bolmasa-da, Bütindünýä banky bu ýurt bilen işleşmeginiň ugrunda hereket edýär diýip, HRW we “Crude Accountability” guramalarynyň bilelikdäki beýannamasynda bellenilýär.

Bu guramalar ”Açyk jemgyýet” fondy bilen bilelikde 2012-nji ýylyň sentýabr aýynda hem Bütindünýä Bankyna açyk hat ýollapdy. Olar Bütindünýä bankyny Türkmenistanda ýurduň ösüş proseslerine halkyň gatnaşmagyny, döwlet girdejileriniň aýdyňlaşdyrylmagyny we hökümetiň halkyň zerurlyklaryny ileri tutmagyny üpjün edýän reformalary goldamaga çagyrypdy.

Bütindünýä bankynyň strategiýasynda hökümetlere makroykdysady dolandyryşda, hususy we maliýe pudagyny ösdürmekde zerur tehniki ýardamlary bermek göz öňünde tutulýar.

Adam hukuklaryny goraýjy guramlar öz hatlaryna Bütindünýä bankynyň beren jogabynda “Ykdysadyýetiň köpugurlylygyna berilýän goldaw türkmen raýatlarynyň iş bilen üpjünçiligini we durmuş derejesini gowulandyrmak üçin mümkinçilik döredýär we töwekgelçilikleri aradan aýyrýar” diýilýändigini belleýärler.

Ýewropanyň Dikeldiş we ösüş banky 2010-njy ýylda Türkmenistan babatynda çäklendirmek strategiýasyny kabul edipdi. Bu strategiýa laýyklykda, adam hukuklaryna hormat goýluşynda we maliýe girdejileriniň ýagdaýynda açyk-aýdyňlygyň ýoklugy sebäpli ýurda gönükdirilýän maýa goýumlaryny çäklendirmek göz öňünde tutulýar.

Adam hukuklaryny goraýjy guramalar Bütindünýä bankynyň Türkmenistan bilen gatnaşygy ýola goýmak planlarynyň halkara institutlarynyň bu ýurda edýän basyşlarynyň manysyny ýitirýändigini nygtaýarlar.

Türkmen jemgyýetçilik guramalary Bütindünýä bankyny türkmen hökümeti korrupsiýa garşy göreşmek, ykdysadyýetiň açyklygyny üpjün etmek, adalatlylygy üpjün etmek we ideologiýa esaslanýan hem syýasylaşdyrylan resmi hereketleri bes etmek boýunça zerur çäreleri görmäge taýýar bolýança, Türkmenistan bilen hyzmatdaşlykdan saklanmaga çagyrýarlar.
XS
SM
MD
LG