Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Dynç alyş medeniýeti ýa-da soňa goýulýan zerurlyk


"Awaza" dynç alyş zolagy, kenarda
"Awaza" dynç alyş zolagy, kenarda
Türkmenistanda adamlaryň dynç alyş medeniýetiniň öňki ýyllara garanda özgerýändigi, tomusky zähmet rugsatlaryny deňiz boýunda, maşgalasy bilen geçirmäge çalyşýan raýatlaryň barha köpelýändigi aýdylýar.

Emma türkmen halkynyň dynç alyş medeniýetiniň örän haýal ösýändigini, türkmenlerde dynç almagy, saglyga seretdirmegi soňa goýmak endiginiň milli gylyk-häsiýet ýaly bir zada öwrülendigini aýdýarlar hem bar.

Türkmeniň klassyk şahyry Magtymguly Pyragy “Saglygyň gadyryn bilgil, hassa bolmazdan burun” diýipdir. Galyberse, ylmy barlaglar adamyň iş, durmuş-ýaşaýyş ukybynyň dynç alşa köp derejede baglydygyny tassyklaýar. Şundan ugur alyp, türkmen halkynda dynç alyş medeniýetiniň has giňemegi, çuňlaşmagy üçin nähili işleriň edilmegi gerek?

Bu baradaky söhbete Şwesiýada ýaşaýan türkmen synçylary, Türkmenistanyň Merkezi bankynyň ozalky başlygy Hudaýberid Orazow, türkmen parlamentiniň öňki deputaty Halmyrat Söýünow, Azatlyk Radiosynyň Türkiýedäki habarçysy Döwlet Baýhan dagy gatnaşdy.

Söhbeti diňläp, siz hem pikirleriňizi aýtsaňyz, hoşal bolarys.

XS
SM
MD
LG