Müsüriň harbylarynyň syýasy ýaranlary anna güni köpçülikleýin çykyşlary geçirmäge taýýarlyk görýärler.
Bu çykyşlaryň ýurduň yslamçy prezidenti Muhammet Morsini häkimiýet başyndan çetleşdirmegi gurnan general Abdel Fattah al-Sisi üçin goldaw boljagy aýdylýar. Şeýle-de, bu çykyşlaryň yslamçylaryň Morsini prezident wezipesinde dikeltmegi talap edip geçirýän protestlerine garşy aksiýa bolmagy planlaşdyrylýar.
General Abdel Fattah al-Sisi hepdäniň başynda eden çykyşynda adamlaryň anna güni köçä çykmagyny we özüne goldaw bildirmeklerini isleýändigini aýdypdy. Onuň öz sözlerine görä, bu “zorluga hem terrorçylyga” garşy çäre bolmaly.
Onuň bu çykyşyna Morsini goldaýan “Musulman doganlar” toparyna we beýleki yslamçylara garşy çäreleriň başlangyjy hökmünde garaldy.

Milli geyimleri geydireniňde name, eger zenanyň kalbynyň özi päk bolmasa. Bozuk hereketleri milli egin-eşiklerde edip bolmazmy eýsem? Zorluk ulanmak arkaly häkimiýet milli egin-eşiklere söýgi dalde beter yigrenç oýarýandyklaryndan habarlary yok