Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Aşgabatly okuwçy altyn medal utdy


Türkmenistanyň resmi metbugatynyň ýazmagyna görä, aşgabatly okuwçy Gadam Myratgeldiýew Moskwada himiýa boýunça geçirilen halkara olimpiýadada altyn medala mynsyp boldy.

Bu olimpiýada dünýäniň 77 ýurdundan üç ýüze golaý okuwçynyň gatnaşandygy aýdylýar.

Türkmenistandan bu olimpiýada dört okuwçy gatnaşypdyr.

Türkmen döwlet habarlar gullugy altyn medal utan Gadam Myratgeldiýewiň Aşgabat şäheriniň 86-njy ýöriteleşdirilen orta medebiniň okuwçysydygyny habar berýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG