Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tunisde göz ýaşardyjy ulanyldy


Tunis polisiýasy öten gaşam günortadaky Sidi Bouzid şäherinde protestçileri dargytmak üçin göz ýaşardyjy gaz ulandy.

Bu şäher 2011-nji ýyldaky "Arap ýazynyň" sallançagy we öldürilen dünýewi oppozisioner Muhammad Brahminiň dogduk mekanydar.

Tunisde penşenbe güni Brahmi öldürileli bäri dartgynlylyk ýokary.

Hökümet başyndaky aram yslamçy Ennahda partiýasynyň dünýewi koalisiýa partnerlary, gozgalaňlaryň möwjäp galmagynyň öňüni almak maksady bilen, täze häkimiýet bölüşik ylalaşygyny yglan etdiler.

Şenbe güni irden ýurt boýunça başlanan uly protest hem, şol sanda tunis parlamentiniň daş işgindäki demonstrasiýa-da polisiýanyň göz ýaşardyjy gazy bilen garşy alyndy.

Şenbe güni Brahmi topraga berlende müňlerçe adam hökümete garşy şygarlara gygyrdy.

Ol fewralda atylyp öldürilen oppozisiýa lideri Çokri Beleýdiň golaýynda jaýlandy.

Hökümet bu iki adamyň ölümini yslamçy ekstremistlerden görýär.
XS
SM
MD
LG