Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Liwiýa:1000-den gowrak tussag gaçdy


Liwiýanyň häkimiýetleri bir müňden gowrak tussagyň türmeden gaçandygyny aýdýarlar.

Bu waka şenbe güni, protestçiler ýurduň dürli ýerlerinde syýasy partiýalaryň edaralaryna zabt edenlerinde bolupdyr.

Bengaziniň golaýyndaky "Al-Kweýfiýa" türmesinden tussaglaryň gaçmagynyň demonstrasiýalar bilen nähili baglanyşygynyň bardygy anyk däl.

Şenbe güni bolan demonstrasiýalarda adamlar Liwiýanyň "Musulman doganlygynyň" yslamçylaryna tankydy garaýan bir aktiwistiň öldürilmegine garşy proteste çykdylar.

Howpsuzlyk resmileri türmedäki tussaglaryň sakçylar gaçjak bolýan üç tussagy oka tutanlaryndan soň pitnä başlandyklaryny aýdýarlar.

Şondan soň türmedäki pitne barada habar ýaýraýar we daşardan ýaragly adamlar gelip, tussag edilen garyndaşlaryna kömege ýetişýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG