Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýaponiýa Hytaýa diplomatyny ugratdy


Ýaponiýa Hytaý bilen aragatnaşygyny gowulandyrmak maksady bilen daşary işler ministriniň orunbasary Akitaka Saikini Hytaýa ugratdy.

Saiki “Hytaýyň ýolbaşçylary bilen özara pikir alyşmak” üçin iki günlük sapar bilen duşenbe güni Pekine bardy. Bu barada Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň maglumatynda bellenýär.

Ýaponiýa bilen Hytaýyň arasyndaky gatnaşyklar iki ýurduň arasyndaky adalar bilen baglanyşykly düşünişmezlikler sebäpli has hem erbetleşipdi. Iki ýurt hem bu adalaryň öz territoriýasyna degişlidigini aýdýar.

Geçen anna güni Hytaýyň kenarýaka goragçylarynyň gämileri ýaponlaryň kontrollygyndaky adalaryň töweregindäki suwlara tarap ýüzdüler. Iki ýurduň arasynda bu mesele baradaky jedeller başlaly bäri, bu Hytaýyň täze kenarýaka gorag gullugynyň ýaponlaryň kontrollygyndaky adalara tarap ugradan ilkinji gämisidir.

Şol gün hem Ýaponiýanyň premýer-ministri Şinzo Ab, ýapon we hytaý liderleriniň arasynda adatdan daşary ýygnak geçirmäge çagyryş edipdi.

Şeýle-de ýekşenbe güni Abyň maslahatçysy Isao Lijima, Abyň ýakynda Hytaýyň lideri Ksi Jinping bilen maslahat geçirmeginiň mümkindigini mälim edipdi.
XS
SM
MD
LG