Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen raýaty neşe bilen tutuldy


Gazagystanyň Maňgyşlak welaýatynyň gümrük edarasy (edaranyň resmi saýtyndan - https://ru-ru.facebook.com/MagystauKedeni - alnan surat)
Gazagystanyň Maňgyşlak welaýatynyň gümrük edarasy (edaranyň resmi saýtyndan - https://ru-ru.facebook.com/MagystauKedeni - alnan surat)

Türkmen-gazak serhedinde Türkmenistanyň raýaty neşe bilen tutulypdyr. Gazagystanyň Maňgyşlak welaýatynyň gümrük gullugynda Azatlyk Radiosyna aýtmaklaryna görä, serhetden geçip barýarka, awtoulagynda iki grama golaý neşe bilen tutulan türkmen raýatynyň garşysyna jenaýat işi gozgalypdyr.

Türkmenistandan Gazagystana geçmekçi bolanda, neşe bilen tutulan türkmen raýatynyň 1981-nji ýylda Balkan welaýatynda doglan ýaşaýjysydygy aýdylýar. Onuň ady agzalmaýar.

Gazagystanyň Maňgyşlak welaýatynyň gümrük edarasynyň metbugat gullugynda Azatlyk Radiosyna aýdylyşyna görä, Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasynda ýerleşýän “Temir-baba” atly barlag-geçiş nokadynda geçen hepdede saklanan türkmen raýatynyň “Mitsubishi Pajero” awtoulagyndan kagyza dolanan 1,99 gram marihuana neşesi tapylypdyr.

Maňgyşlak welaýatynyň gümrük gullugynyň aňtaw iti.
Maňgyşlak welaýatynyň gümrük gullugynyň aňtaw iti.
Türkmenistanyň raýatynyň awtoulagyndaky gizlenilip goýlan neşäni Kokžal atly aňtaw itiniň tapandygy barada habar berilýär.

Anna güni çap edilen resmi maglumata görä, Türkmenistanyň raýatyna garşy Gazagystanyň Jenaýat kodeksiniň 250-nji maddasynyň birinji bölegi, ýagny “Dolanyşykdan aýrylan serişdeleriň ýa-da dolanyşykda çäklendirilen serişdeleriň gaçakçylygy boýunça” madda laýyklykda jenaýat işi gozgalypdyr.

“Temir-baba” geçelgesi

Gazagystanyň Maňgyşlak welaýatynyň gümrük gullugy türkmen-gazak serhedindäki “Temir-baba” barlag-geçiş nokadynda iýun aýynda başga bir türkmen raýatynyň hem neşe bilen tutulandygyny habar berýär.

Türkmenistanyň 1965-nji ýylda doglan ol raýaty serhetden geçmekçi bolanda, onuň ýanyndan 175, 83 gram guradylan marihuana neşesi tapylypdyr. Şonda türkmen raýatyna garşy Gazagystanyň Jenaýat kodeksiniň 250-nji maddasynyň ikinji bölegi boýunça, ýagny “Uly möçberdäki neşe gaçakçylygy” boýunça jenaýat işi gozgalypdyr we ony tussag etmek barada höküm çykarylypdyr.

Ýaňy-ýakynda “Temir-baba” barlag-geçiş nokadynda Türkmenistanyň ýene bir ýaşaýjysynyň uly möçberde puly bikanun geçirmekçi bolanda saklanandygy barada maglumat peýda boldy.

Maňgyslak welaýatynyň gümrük gullugynyň resmi maglumatyna görä, onuň el goşunda gümrük deklarasiýasynda görkezilmedik 49 müň 200 amerikan dollary tapylypdyr.

Maňgyşlak welaýatynyň gümrük gözegçiligi boýunça departamenti puly resmileşdirmän geçirmekçi bolan türkmen raýatyna garşy Gazagystanyň Jenaýat kodeksiniň 250-nji maddasynyň birinji bölegi, ýagny “Dolanyşykdan aýrylan serişdeleriň ýa-da dolanyşykda çäklendirilen serişdeleriň gaçakçylygy boýunça” madda laýyklykda, jenaýat işini gozgapdyr.
XS
SM
MD
LG