Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Yrak: Partlamarlarda onlarça adam öldi


Yragyň paýtagty Bagdatda we onuň günorta-gündogaryndaky Kut şäherinde amala aşyrylan ençeme ulagly bomba hüjümlerinde onlarça adam öldi, 200-den gowragy hem ýaralandy.

Yragyň resmileriniň berýän maglumatyna görä, Bagdadyň ýedi etrabynda aýry-aýrylykda azyndan dokuz ulagly bomba hüjümi amala aşyryldy. Hüjümleriň onunjysy hem Mahmudiýah şäheriniň çetinde bolup geçdi.

Şeýle-de, Bagdadyň 150 kilometr uzagyndaky Kut şäherinde hem iki bombaly hüjüm amala aşyryldy.

Yragyň resmileriniň berýän maglumatyna görä, aýry-aýrylykda amala aşyrylan 17 hüjümde azyndan 48 adam ölüp, keminden 226-sy hem ýaralandy. Hüjümleriň aglabasy şaýy musulmanlarynyň ýaşaýan ýerinde bolup geçdi.

Yrakdaky bombaly hüjümlerde pida bolanlara gözegçilik edýän “Iraq Body Count” toparynyň berýän maglumatyna görä, şu ýylyň dowamynda Yrakda 4 müňe golaý adam öldürilipdir. Olaryň 800-e golaýy hem iýul aýynda heläk bolupdyr.

Bu hüjümleriň netijesinde, Yrakda mezhepara dartgynlygyň has-da möwjemeginden howatyr edilýär.
XS
SM
MD
LG