Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Okuw, hünär: Para böwedini nädip böwüsmeli?


Türkmen talyplary
Türkmen talyplary
Türkmenistanda mekdebi tamamlan ýaşlar hünär öwrenmek, ýokary bilim almak üçin ýurduň okuw jaýlaryna resminamalaryny tabşyrýarlar.

12-nji iýulda geçen hökümet maslahatynda prezident Berdimuhamedowyň hem tabşyryşy ýaly, ýokary okuw mekdeplerine talyplary kabul etmek işi aç-açanlyk ýagdaýynda, hiç bir ýaramaz hadysa ýol bermän geçirilse, zehinli ýaşlaryň okuwa kabul ediljegine hiç bir şek bolup bilmez.

Emma geçen ýyllaryň tejribeleri, ýurt içinde okuwa girip bilmän, daşary ýurtlara okuwa gidýän ýaşlaryň ýyl-ýyldan köpelmegi Türkmenistanyň ýokary okuw jaýlarynda entek zähmetsöýer, hakyky okajak ýaşlara emeli kynçylyklaryň az döredilmeýändigini tassyklaýar.

Ol kynçylyklar, ilkinji nobatda, öňki prezident döwründe okuw orunlarynyň düýpli azaldylmagy, ýurtda berilýän orta bilimiň derejesiniň görnetin pese gaçmagy, adaty zada öwrülen paranyň möçberiniň ýyl-ýyldan köpelmegi bilen bagly.

Bilimdäki para-peşgeşiň, okalman, tanyş-bilişlik ýa başga ýollar bilen alnan diplomyň soňky gün tutuş jemgyýete nähili uly problema bolup gaýdyp gelýändigini ýanjap oturmak artykmaç bolsa gerek.

Eýsem zehinli ýaşlaryň, ýurduň geljekki liderleriniň öňüne böwet bolýan, ýalta, soňky gün özi hem eli egrilik etjek ýaşlara giň ýol açýan para, tanyşparazlyk, garyndaşparazlyk böwedini nädip böwüsmeli?

Bu meselede nähili dünýä tejribeleri bar olar nähili edilip häzirki Türkmenistanda ornaşdyrylyp bilner?

Bu tejribeleriň alynmagyna we özleşdrilmegine kimler, nämeler päsgel berýär?

Azatlyk Radiosy nobatdaky «Tegelek stol» söhbetdeşligini şu meselä bagyşlaýar.

Eger bu ugurda pikir-bellikleriňiz, aýtjak möhüm zatlaryňyz bolsa, söhbete goşulyň, ýazyň, telefon ediň.

Pikirleriňize garaşýarys!
XS
SM
MD
LG