Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Feminist aktiwistler uruldy


“Femen” toparynyň aktiwisti Anna Hutsol sud jaýynyň öňünde, Kiýew, 28-nji iýul, 2013.
“Femen” toparynyň aktiwisti Anna Hutsol sud jaýynyň öňünde, Kiýew, 28-nji iýul, 2013.
“Femen” atly radikal feminist hereketiň üç aktiwisti we orsýetli fotograf bir gijäni tussaglykda geçirdiler. Olar şenbe güni tussag edildiler.

Ýekşenbe güni Kiýewiň sudy huligançylykda we polisiýa boýun bolmazlykda günäläp, olara jerime saldy, soňra-da azatlyga goýberdi.

“Femen” topary bu dört adamyň şenbe güni öýlän Kiýewde graždan eşigindäki nätanyş adamlar tarapyndan köçeden tutulyp äkidilendigini habar berdi.

Näme boldy?

“Femen” toparynyň aktiwisti Anna Hutsol sud geçýän wagtynda onuň binasynyň daşynda garaşyp, soňra-da boşadylanlary gapyda garşy aldy. Onuň sag gözüne anna günki urgudan soň gan inipdir. Hutsol beýleki aktiwistleriň we fotografyň başdan geçirenleri barada žurnalistlere gürrüň berdi.

“Biz öz bileleşigimizde Putiniň saparyna garşy “Putin dowzaha git” diýen şygar astynda 16:30-da şäheriň merkezinde protest geçirmegi planlaşdyrypdyk. “Femen” toparynyň üç aktiwisti we fotograf Dmitriý Kostýukow öýden çykyp taksi tutmakçy bolanlarynda, nätanyş adamlar olara hüjüm edip, olary urup başladylar we zor bilen maşynyň içine saldylar” diýip, “Femen” toparynyň aktiwisti Anna Hutsol gürrüň berdi.

Polisiýa üç feminist aktiwistiň Oleksandra Şewçenkonyň, Ýana Ždanowanyň we Oksana Şaçkonyň köpçüligiň arasynda ýalaňaçlanandygy we munuň öňüni almaga synanyşan polisiýa garşylyk görkezendigi sebäpli tussag edilendigini aýtdy.

Ýekşenbe güni suduň jaýynyň daşynda žurnalistler bilen söhbetdeş bolan Dmitriý Kostýukow bolup geçen wakalara özüçe düşündiriş berdi.

Kostýukowyň sözlerine görä, ol žurnalist bolansoň, ozüne hiç kimiň el degirmez öýdüp garaşypdyr. Ol özüne surat almaga rugsat berilmeýän bolsa, bu barada duýduryş berilmezden üstüne hüjüm edilip, ony urup-ýenjip başlandyklaryny gürrüň berdi. Onuň sözlerine görä, hiç kim garşylyk görkezmändir. “Bu esassys bir hüjüm boldy” diýip, Kostýukow belledi.

Kostýukow özleriniň Ukrainanyň howpsuzlyk işgärleri tarapyndan tutulyp, polisiýa getirilendigi barada özlerine gös-göni aýdylandygyny gürrüň berdi.

Dabara taýýarlyk

“Femen” hereketi öz aktiwistleriniň Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň Ukraina saparynyň öňüsyrasynda ýenjilendigini aýdýar. Ukraina Kiýew Rusynyň hristian dinine uýmagynyň 1025 ýyllygyny belledi we munuň öňüsyrasynda ýokary derejeli myhmanlary kabul etmäge taýýarlandy. Bu dabara ýekşenbe güni Putin we Ukrainanyň prezidenti Wiktor Ýanukowiç tarapyndan bilelikde geçirildi.

Şeýle-de “Femen” topary özüniň syýasy geňeşçisi Wiktor Swýatskiniň hem hüjüme duçar bolandygyny habar berdi we bu hüjümde hem Ukriananyň howpsuzlyk güýçlerini aýyplady.
XS
SM
MD
LG