Pakistanly kanun çykaryjylar ýurduň indiki prezidentini saýladylar. Sişenbe güni ýuduň milli parlamentiniň we regional kanun çykaryjy bileleşikleriniň 1 000-den gowrak agzasy döwlet baştutanyny saýlamak üçin ses berdiler.
Has köp ses toplan dalaşgär sentýabr aýynda bäş ýyllyk prezidentlik möhleti dolýan Asif Ali Zardariniň ornuna geçer.
Habar berilişine görä, bu wezipä Pakistanyň premýer-ministri Nawaz Şarifiň “Musulman ligasy” atly partiýasy tarapyndan hödürlenen kandidat Mamnoon Hussain saýlanypdyr. “Musulman ligasy” atly partiýanyň agzalary milli parlamentde köpçüligi emele getirýärler.
Bu saýlawlar “Pakistanyň halk partiýasy” tarapyndan boýkot edilýär. Maý aýyndaky baş saýlawda ýeňilen Zardariniň “Pakistanyň halk partiýasy” öz dalaşgärini yzyna çekýändigini geçen hepdede mälim etdi.

Menä düýnki reýs bilen bir garyndaşymy konsullykdan birine bilediň daşyndan 600$ berip getirtdim. Aşgabatdan çözjek bolsaň 3000$ soraýalar, ýöne aňryň konsullugyna çyksaň bärräk bolýan ekeni.