Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gunduzlylar ýoluň üýtgedilmeginden nägile


Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan demirýol proýektiniň başky taslamasy.
Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan demirýol proýektiniň başky taslamasy.
Owganystanyň demirgazyk-gündogarynda ýerleşýän çetki welaýatyň ýaşaýyjylary sebitiň gelejekde iň wajyp ykdysady merkezlerinden birine öwrülmek mümkinçilgini elden gidermejek bolup çytraşýarlar.

Geçen hepde Gunduz welaýatynyň resmileri we welaýatdaky taýpalaryň kethudalary jem bolup, Owganystanyň paýtagty Kabula bardylar. Olaryň merkezi hökümetden ýeke-täk haýyşy bardy.

Resmiler we kethudalar hökümetden Owganystanyň demirgazyk welaýatlaryny Türkmenistan we Täjigistan bilen sepleşdirjek köp garaşylan demirýol taslamasynyň meýilnamasyny üýtgetmezligi soradylar.

Iýun aýynda Owganystanyň, Täjigistanyň we Türkmenistanyň prezidentleriniň ak pata bermegi bilen agzalýan demirýol taslamasynyň gurluşygy başlanypdy.

Şol wagt taslamanyň Owganystan tarapynda gurulmagy göz öňünde tutulýan 400 kilometrlik böleginiň Mazary-Şerifden gündogar tarapa, ýagny Gunduz welaýatyna tarap çekilmegi meýilleşdirilýärdi. Ol ýerden hem çalaja demirgazyk gündogara öwrülip, Owganystanyň Şir Han Bandar derýa portunyň üsti bilen demirýol Täjigistana birikdirilmelidi.

Üýtgetmeler

Ýöne, Owganystanyň Gurluşyk ministrliginde wagtlaýynça tassyklanan karara görä, has gysga täze bir taslama meýilleşdirilýär. Muňa laýyklykda, Gunduzyň üstünden geçmeli demirýol goýbolsun edilýär. Täze taslamada Owganystanyň Täjigistan bilen duldegşir goňşusy bolan Balh welaýatynda iki döwletiň demirýollary birikdiriler, şol ýerden hem ortalyk araçägiň günbatar ugry bilen çekiler.

Gunduzyň häkimi Muhammet Anwar Jagdalak Azatlyk Radiosynyň Owgan gullugyna beren gürrüňinde täze taslamanyň öz welaýatynda ýerleşýän Amyderýa portunyň (Şir Han Bandar) ähmiýetini gaçyrýandygyny aýdyp, portuň Täjigistany, Owganystany, Hytaýy we Günorta Aziýany birikdirip biljek merkezdigini aýtdy: “Täze kabul edilen taslama Şir Han Bandar üçin gaty zyýanly bolar. Biz prezidentimize, täze taslamanyň deňagramly regional ösüşler prinsipine ters gelýändigini aýtmagyny sorap, arz edýäris.”

Gunduzlylaryň talaplary Owganystanyň demirgazyk-gündogarynda ýerleşýän Badahşan, Takhar, Baglan welaýatlarynyň resmileri we kethudalary tarapyndan goldaw tapdy.

Muňa garamazdan, Kabuldaky ýokary wezipeli resmiler hökümetiň göz öňünde tutulýan täze proýekte düýpli üýtgeşiklikleri girizmegi meýilleşdirmeýändigini aýtdy.

Zerurlyk

Gurluşyk ministri Najibullah Ojan aýratyn ähmiýetli taslamanyň gurluşygyny tamamlamakda zerur bolan maliýe üpjünçiliginiň hem-de wagtyň çäkli bolandygy üçin häkimiýetler demirýol taslamasyny wagtlaýynça gysga ýoldan çekmäge mejbur boldular diýdi.

Ol Azatlyk Radiosynyň Owgan gullugyna beren gürrüňinde öňümizdäki dört ýylyň dowamynda Gunduzda gurluşygy dowam etjek demirýol taslamasy tamamlananda, häzirki meýilleşdirilýän ýoluň geregi bolmaz diýdi. Ol öz hökümetiniň bu meseledäki tutumyny şeýle beýan etdi: “Umuman aýdanymyzda, hökümetiň syýasaty we meýilnamalary üýtgemedi. Biziň baş maksadymyz demirýoly Şir Han Bandaryň üsti bilen Täjigistana seplemek. Ýöne häzirki wagtda biz biraz pul tygşytlamak isleýäris we şonuň üçinem Täjigistan bilen has gysga ýol arkaly, ýagny Balh welaýatynyň üsti bilen demirýollarymyzy birikdirýäris. Bir zada düşünmegimiz gerek – häzirki göz öňünde tutulýan täze taslamanyň uzynlygy bary-ýogy 50-60 km, ýöne hemişelik demirýol 300 kilometrden hem has uzyn bolar.”

Taslama

Täjigistan täze taslamany goldaýar. Täjigistanyň ulag we aragatnaşyk ministriniň birinji orunbasary Juma Han Zuhurow, Balhdan göni Täjigistana seplenjek demirýoluň çekilmegi bilen ýüzlerçe kilometr uzynlykdaky ýoluň gysgaldyldygy bolar diýdi.

Ýöne ol Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugyna beren interwýusynda iki taslamadan islendigini durmuşa geçirmäge Kabulyň güýjüniň ýetýändigni aýtdy: “Bu olaryň öz topragy, şonuň üçinem etjek işleri babatda iň soňky karary kabul etjeklerem özleri.”

Demirýol taslamasy ilkibaşda Türkmenistanyň çäginde Kerki şäheri (häzirki ady Atamyrat) bilen Ymamnazary birikdirýär. Ondan soňra bolsa Owganystanyň demirgazygynda ýerleşýän Farýab welaýatynyň çägindäki Akin-Antköýe çekilýär we şol ýerden hem Mazary-Şerife tarap dowam etdirilýär.

Aziýanyň Ösüş banky taslamanyň owgan bölegini maliýe taýdan üpjün etmäge isleg bildirýändigini aýtdy.

Owganystanda 1920-nji ýylda bary-ýogy 7 kilometrlik demirýol çekilip, soňra demirýol ulgamynda ulanyşykdan galdyrylan bu ýoldan başga ösüşler göze ilmedi. Bu günki taslama Owganystan üçin öwrülişik häsiýetli ösüş bolar.

Ýurduň demirgazygynda ýerleşýän Mazary-Şerif şäherinden Özbegistana çekilen 75 kilometrlik demirýol üçin ADB, ýagny Aziýanyň Ösüş banky 160 million dollar maýa goýupdy. Bu taslama 2011-nji ýylda tamamlandy.
XS
SM
MD
LG