Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Giriş synagyny nähili tabşyrdyňyz?


Ýaşlar ýokary okuw jaýyna giriş synagyny tabşyrýarlar.
Ýaşlar ýokary okuw jaýyna giriş synagyny tabşyrýarlar.
Türkmenistanda 1-nji awgustdan başlap ýokary okuw jaýlaryna girjek ýaşlar üçin giriş synaglaryny tabşyrmak möwsümi başlady.

Umuman, ýaşlar Türkmenistanyň ýokary okuw jaýlaryna ýa-da daşary ýurtlaryň uniwersitetlerine giriş synagyny tabşyranda dürli tejribeleri başdan geçirýärler. Olaryň arasynda talyplaryň dokumentlerini ýygnamak we tabşyrmak, synaglara taýýarlyk görmek, synagda öz nobatyňa garaşyp oturmak ýaly bir giden mysallar bar.

Türkmenistanyň ýa-da daşary ýurduň ýokary okuw jaýynda okaýan ýa bolmasa-da haýsy-da bolsa bir sebäplere görä okuwa ýerleşip bilmedik ýaşlar - siziň giriş synagyny tabşyrmak tejribäňiz nähili boldy? Şol döwürde nämeleri başdan geçirdiňiz?

Öz başdan geçirmeleriňizi ýa-da bu mesele baradaky pikirleriňizi, garaýyşlaryňyzy ähli ýaşlar bilen paýlaşyň.
XS
SM
MD
LG