Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

1166 tussag Gadyr gijesini öýünde garşylar


Bir türkmen türmesiniň daşyndan alnan surat
Bir türkmen türmesiniň daşyndan alnan surat
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 2-nji awgustda geçiren hökümet maslahatynda 1166 tussagyň günäsini geçmek baradaky karara gol çekdi.

Prezident Berdimuhamedow anna güni Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini açmak bilen, onda şu ýylyň ýedi aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine we käbir resminamalaryň taslamlaryna, şol sanda ýurduň durmuşyna degişli beýleki birnäçe meselä serediljegini aýtdy.

Şondan soň ýurduň milli howpsuzlyk ministri Ý.Berdiýewe söz berildi. Berdiýew türkmen halkynyň gadymdan gelýän ynsanperwerçilik däpleriniň häzirki döwrüň ruhuna laýyklykda ösdürilýändigini, eden jenaýatyna ak ýürekden ökünip, toba gelen raýatlaryň günäsini geçmek çäresiniň asylly bir adata öwrülendigini bellidi diýip, türkmen telewideniýesi habar berýär.

Soňra milli howrsuzlyk ministri mukaddes Gadyr gijesi mynasybetli iş kesilenleriň günäsini geçmek baradaky permanyň taslamasynyň taýýarlanandygy barada hasabat beripdir.

"Öňki tussaglary işe ýerleşdirmeli"

Prezident Berdimuhamedow bu hasabaty diňläp, ýurtda adat bolan ynsanperwerçilik däplerine eýerip, mukaddes Gadyr gijesi mynysybetli, iş kesilen 1166 raýatyň günäsini geçmek baradaky premana gol çekýändigini aýtdy.

Şeýle-de prezident hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna günäsi geçilen adamlaryň ählisini tussaglykdan boşadyp, olaryň baýramçylyk günleri öz öýlerine, maşgala agzalarynyň arasyna barmagy üçin ähli zerur işleriň geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Prezident "Biz şeýlelik bilen eden etmişlerine ökünip, toba gelen adamlara öz günälerini halal zähmetleri bilen ýuwup, ýurdumyzyň ösüşine işjeň gatnaşmaklary üçin mümkinçilik döredýäris" diýdi.

Şeýle-de ol, ozalky günä geçişlerde hem bolşy ýaly, hökümetiň azatlyga çykan tussaglaryň jemgyýete gaýtadan goşulmagy, işe ýerleşdirilmegi üçin ähli zerur çäräni görmelidigini aýtdy.

Türkmenistanda Gadyr gijesine gabat ýüzlerçe tussagyň günäsini geçmek indi ençeme ýyl bäri adat boldy.
XS
SM
MD
LG