Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Azerbaýjanda žurnalistler tussag edildi


Azerbaýjanyň polisiýasy Azatlyk Radiosynyň Azeri gullugynyň derňewçi žurnalisti Hatyja Ysmaýylowanyň garşysyna guralýan gorkuzma kampaniýasynyň gaýtadan başlanýandygy üçin protest bildirýän ondan gowrak žurnalisti tussag etdi.

Ol žurnalistler paýtagt Bakuwdaky polisiýa stansiýasyna eltilenlerinden soň azat edildi. Köpüsi aýal maşgalalardan bolan žurnalistler «Hatyja, biz seniň bilen» diýip gygyryşdylar.

Ysmaýylowanyň makalalarynda prezident Ylham Alyýewe dahylly millionlap dollara durýan nädürs maliýe işleri barada gürrüň edilýär.

Ylham Alyýew oktýabrda geçjek prezident saýlawlarynda hem esasy kandidat bolup dur.

Azerbaýjandan Birleşen Ştatlaryň maliýeleşdirýän Azatlyk we Azat Ýewropa radiosynyň Azeri gullugyna maglumat iberýän Ysmaýylowa 2012-nji ýylyň başynda özüniň bikanun internetde ýerleşdirilen wideo ýazgy bilen gorkuzyljak, ýuwaşadyljak bolunmagyna garşy durdy.

Azatlyk we Azat Ýewropa radiosy penşenbe güni azeri häkimiýetlerini Ysmaýylowanyň bikanun düşürilen täze wideoýazgysyny derňemäge çagyrdy.
XS
SM
MD
LG