Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystan: Hindi konsullygy nyşana alyndy


Polisiýa işgäri howa zarbasyndan weýran bolan barlag nokadynda, Nangarhar welaýaty.
Polisiýa işgäri howa zarbasyndan weýran bolan barlag nokadynda, Nangarhar welaýaty.
Janyndan geçeniň ulag bombasydyr öýdülýäniň partlamasy netijesinde Owganystanyň Nangarhar welaýatynda azyndan dokuz sany graždan adam heläk boldy.

Şenbe güni bolan partlama Nangarhar welaýatynyň paýtagty Jalabatdaky hindi konsullygyny nyşana aldy.

Nangarharyň polisiýa başlygy Mohammad Şarif Amin bu partlamadan soňky ýagdaýy şeýle suratlandyrdy:

"Görşüňiz ýaly, janyndan geçen bombaçy bu ýerdäki metjide hüjüm etdi we ol metjidiň içinde mukaddes Kurany okap oturan çagalaryň sekizisi şehit boldy, 21-si bolsa ýaralandy."

Ol bu sözleri dokuz adamyň ölendigi baradaky habar çykmanka aýdypdy.
Nangarhar welaýatynyň hökümet sözçüsi Ahmedziýa Abdulzaý partlaýjy ýükli maşynyň hindi konsullygynyň golaýyndaky barýere baryp urandygyny we partlandygyny aýdýar.

Jalalabatdaky partlamany gözi bilen gören Jawed Han bolsa şeýle diýdi:

"Bu ýere bäş sany hüjümçi geldi, olar menden «konsullygyň derwezesi nirede?» diýip soradylar. Soň olaryň biri «bu golaýda metjit barmy?» diýip sorady. Men olara howa diýip jogap berdim we olar özleriniň o ýere namaz okamaga gitmelidiklerini aýtdylar. Soň men az wagtdan partlama we tüpeň seslerini eşitdim."

Hindistanyň daşary işler ministrligi konsullykdaky diplomatlarynyň hiç birine zyýan ýetmändigini aýtdy.

«Talyban» pitneçileri özleriniň bu hüjüme dahyllarynyň bardygyny ret etdiler.
Nangarhar Pakistan serhet regiony bilen owgan paýtagty Kabulyň arasyndaky esasy ýolda ýerleşýär.

Owgan resmileri bu sebitde amala aşyrylýan hüjümleriň Pakistanda gizlenýän «Talyban» pitneçileri tarapyndan edilýändigini öňe sürýärler.

Bu sebitde soňky günler agyr söweşler bolýar. Anna güni, ýüzlerçe «Talyban» söweşijisi harby konwoýy gabawa alanda, owagan polisiýa işgärleriniň 20-den gorwagy, 60 çemesi bolsa talyp söweşijisi öldürildi.
XS
SM
MD
LG