Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Yslamçylar Morsiniň dikeldilmegini isleýär


Müsüriň iş başyndan gyrakladylan prezidentiniň tarapdarlary ýekşenbe güni irden özleriniň Morsiniň yzyna dikeldilmegini talap etmegi dowam etdirjekdiklerini aýtdylar.

Bu beýanat Müsüriň yslamçylarynyň şenbe güni ABŞ-nyň döwlet sekretarynyň orunbasary Williýam Börns bilen bolan duşuşykdan soň pozisiýalaryny üýtgetmeýändiklerini aňladýar.

ABŞ-nyň wekili Kaire Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat başlygy Ketrin Aştonyň we Germaniýanyň daşary işler ministri Guýde Westerwelläniň saparlarynyň yzysüre bardy.

Bu saparlaryň ählisi Morsiniň tarapdarlary bilen goşun tarapyndan getirilen geçiş hökümetiniň arasynda eglişige gelinmegi barada edilýän halkara tagalla bilen bagly.

Emma Müsüriň Azatlyk we adalat partiýasy, Morsiniň «Musulman doganlygynyň» syýasy goly ýekşenbe güni bir beýanat çap edip, özleriniň kanunçylyga, prezidentiň, konstitusiýanyň we parlamentiň ýokarky öýüniň dikeldilmegine ygrarly bolup galýandyklaryny aýtdylar.

Müsüriň goşuny Morsini 3-nji iýulda prezidentlikden çetleşdirdi.
XS
SM
MD
LG