Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tunis: Hökümete arka çykylýar


Onlarça müň tunisli köçelere çykyp, ýurduň aram yslamçylar tarapyndan dolandyrylýan hökümetine goldawlaryny bildirdi.

Şenbe güni bolan demonstrasiýa Tunisde 2011-nji ýylyň «Arap ýazy» gozagalaňyndan bäri görlen iň uly halk ýygnanyşygydyr.

Ýurduň dolandyryjy Ennahda partiýasynyň tarapdarlary Tunisiň premýer-ministriniň edarasynyň ýanyndaky Kasbah meýdanyna ýygnanyp, «Agdarylyşyklar bolmasyn, saýlawlar bolsun» diýip gygyrdylar.

Ennahda öz goldawçylaryny geçen hepde hökümetiň işden çekilmegini talap eden protestçileriň garşysyna çykyp, özüne goldaw bildirmäge çagyrypdy.
XS
SM
MD
LG