Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rohani kasam etdi, hökümet düzülýär


Prezident Hassan Rohani we öňki prezident Akbar Haşemi Rafsanjani Eýran parlamentinde.
Prezident Hassan Rohani we öňki prezident Akbar Haşemi Rafsanjani Eýran parlamentinde.
Eýranyň täze prezidenti Hassan Rohani ýurduň mejlisiniň öňünde prezidentlik kasamyny kabul etdi.

Tähranda ýekşenbe güni geçirilen kasam dabarasyna Eýran parlamentiniň deputatlary we 50-den gowrak ýurtdan gelen ýokary derejeli myhmanlar gatnaşdylar.

"Mukaddes Koranyň gapdalynda we eýran halkynyň öňünde ýurduň resmi dinini, Eýran Yslam Respublikasyny, şeýle-de esasy kanunymyzy gorajagyma gudraty guýçli hudaýdan kasam edýärin" diýip, Rohani aýtdy.
Dabara gelen prezidentleriň arasynda Asif Ali Zardari hem bar.
Dabara gelen prezidentleriň arasynda Asif Ali Zardari hem bar.

Tährandaky dabara gatnaşýan hormatly myhmanlaryň arasynda Ýewropa Bileleşiginiň ozalky daşary syýasat başlygy Hawiýer Solana, Owganystanyň, Gazagystanyň, Türkmenistanyň we Pakistanyň prezidentleri, şeýle-de Demirgazyk Koreýadan gelen uly derejeli resmi Kim Ýoň Nam bar.

64 ýaşyndaky Rohani 12-nji iýunda geçen saýlawlarda prezident saýlandy we oňa şenbe güni Eýranyň ýokary ruhy lideri aýatolla Ali Hamaneýi tarapyndan resmi pata berildi. Ol Mahmud Ahmedinejadyň ýerine prezident boldy.

Täze hökümetiň agzalary

Ýekşebe güni geçirilen dabara mahalynda Rohaniniň täze hökümetiniň hataryna giriziljek adamlaryň atlary aýan edildi.

Ol Eýranyň BMG-däki ozalky wekili Mohammad Jawed Zarifi daşary işler ministrligine hödürlese, ozalky nebit ministri Bijan Zanganehi öňki ornuna almagy teklip etdi.

Prezidentiň hökümetiň düzümine hödürleýän adamlary parlament tarapyndan tassyk edilmeli. Parlament spikeri Ali Larijani kanun çykaryjylaryň hökümet ministrligine hödürlenen adamlaryň kandidaturalaryna geljek hepde seretjegini aýtdy.

Rohaniniň geljekki kabinetine ministrlige hödürlenen adamlaryň arasynda hiç bir zenan kandidat ýok.

Emma muňa garamazdan, Rohani aýallar üçin deň hukuklary we mümkinçilikleri üpjün etmegiň öz hökümetinde ileri tutulýan meseleleriň biri boljagyny aýtdy.

Dawaly ýadro programmasy

Ozal ýurduň baş ýadro gepleşikçisi bolan Rohani öz inagurasiýa sözünde Eýranyň dawaly ýadro programmasyny agzamady.

Emma muňa garamazdan, ol ýurduň dawaly ýadro programmasy sebäpli girizilen sanksiýalary welin agzap geçdi:

"Men muny açyk aýdýaryn: eger siz düzüwli jogap isleýän bolsaňyz, Eýran bilen mynasyp dilde gepleşiň, sanksiýalar dilinde gepleşmäň."

Şu aralykda Birleşen Ştatlar Rohaniniň inagurasiýasy Eýrana çalasyn hereket edip, halkara jemgyýetçiliginiň Tähranyň ýadro programmasy babatdaky düýpli aladalaryny aradan aýyrmak mümkinçiligini döredýär diýdi.

Ak tamyň beýanatynda eger hökümeti özüniň halkara borçlaryny ýerine ýetirmek we ýadro meselesine parahatçylykly çözgüt tapmak barada esasly we çynlakaý gürrüňe girişmek kararyna gelse, Rohani Birleşen Ştatlarda «höwesli partner» tapar diýilýär.
XS
SM
MD
LG