Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Urugwaý: Gomoseksuallar durmuş gurup biler


Duşenbe güni Urugwaýda gomoseksuallaryň nikalaşmagyna rugsat berýän kanun güýje girdi.

Günorta Amerika respublikasynyň parlamenti şu ýylyň başynda bu kanun taslamasyny kabul edipdi we kanuna prezident Hose Muhika maý aýynda gol goýupdy.

Urugwaý gomoseksuallaryň nikalaşmagyna rugsat berýän kanuny kabul eden ikinji Günorta Amerika ýurdudyr. Argentina bu kanuny 2010-njy ýylda kabul edipdi.

Şeýle-de, Meksikanyň iki ştatynda we Meksiko şäherinde gomoseksuallaryň nikalaşmagyna rugsat berilýär.

Braziliýada bolsa, sud gomoseksuallaryň nikalaşmagyna rugsat berýän kanun taslamasyny tizlik bilen kanunlaşdyrdy. Ýöne onuň doly güýje girmegi üçin ýurduň parlamentinden geçmeli bolýar.
XS
SM
MD
LG