Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Zähmet Kodeksi işlemeýär"


Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň binasy
Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň binasy
Geçen aý resmi metbugatda "Türkmеnistanyň Zähmеt Kodеksinе üýtgеtmеlеr wе goşmaçalar girizmеk hakynda Türkmеnistanyň Kanuny" çap edilipdi. Munuň bilen baglylykda, Kodekse üýtgetmeler we goşmaçalar girizilýär.

Kodeksiň birinji maddasynda “Türkmenistanyň zähmet kanunçylygynyň maksatlary raýatlaryň zähmet hukuklarynyň döwlet kepillendirmelerini bellemekden, zähmetiň amatly şertlerini döretmekden, işgärleriň we iş berijileriň hukuklaryny we bähbitlerini goramakdan ybaratdyr” diýlip, bellenilýär.

Emma, Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolýan türkmenistanlylar, aglaba ýagdaýlarda, öz iş hak-hukuklarynyň bozulýandygyny aýdýarlar.

Azatlyk Radiosy aşgabatly syýasy aktiwist Nurberdi Nurmämmedow bilen, Türkmenistanyň Zähmet Kodeksi we onuň iş ýüzünde berjaý edilişi barada söhbetdeşlik geçirdi.

XS
SM
MD
LG