Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kenýanyň aeroporty ot aldy


Kenýa respubliksaynyň Nairobo şäherindäki Jomo Kenýatta halkara aeroportynda dörän güýçli ýangyn howa menziliniň gatnawyny togtatdy. Bu aeroport Afrikanyň iň uly transport merkezleriniň biri hasaplanýar.

Kenýanyň resmileriniň berýän maglumatyna görä, ýangyn çarşenbe güni ir bilen aeroportyň migrasion bölümindäki ýolagçylaryň uçara garaşýan zalynda döräp, halkara ýolagçylaryň gelýän bölümine hem geçipdir.

Henize çenli ýangynda adam ýitgisiniň bolup-bolmandygy barada maglumat berilmeýär. Şeýle-de, ýangynyň näme sebäpden dörändigi häzire çenli nämälim.

Häzirki wagtda Kenýanyň ýangyn söndüriji edarasynyň işgärleri ýangyny söndürmäge synanyşýarlar. Şeýle-de, resmiler tarapyndan goşmaça maglumat berilýänçä aeroport ýapyk galar.

Ýangyndan soň, aeroporta gelmeli uçar reýsleriniň ählisi Nairobonyň golaýyndaky Mombassa şäheriniň howa menziline ugrukduryldy.

Nairobonyň aeroporty gündogar Afrikanyň iň gyzgalaňly howa menzilleriniň biri hasaplanýar.
XS
SM
MD
LG