Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bilimi ösdürmegiň on wezipesi kesgitlendi


Türkmen okuwçylary Bilim gününde
Türkmen okuwçylary Bilim gününde
Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedow anna güni Ministrler kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirip, bilim ulgamynda alnyp barylýan özgertmeler barada hökümet resmileriniň hasabatlaryny diňledi.

Resmileriň hasabatlarynda, esasan, täze okuw ýylyna görülýän taýýarlyklar, mekdepleri we çagalar baglaryny häzirki zaman talaplary esasynda enjamlaşdyrmak, okuw kitaplaryny çapa taýýarlamak we beýleki meseleler boýunça edilen we edilýän işler hakynda gürrüň edildi.

Prezident Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, ýurduň bilim ulgamynda özgertmeleri amala aşyrmak boýunça alnyp barylýan işlere kanagatlanarly baha berip boljagyny aýtdy. Ýöne ol bu ugurda oňat netijeleri gazanmak üçin öňde uly wezipeleriň durýandygyny hem tassyk etdi. Şunuň bilen birlikde, prezident Berdimuhamedow bilim ulgamyny ösdürmek üçin ilkinji nobatda görülmeli möhüm çäreler hakynda durup geçdi we esasy edilmeli işleriň hatarynda on wezipäni öňe sürdi.

Bu wezipeleri prezident Berdimuhamedowyň özünden eşitmek isleseňiz, aşakda onuň türkmen telewideniýesiniň "Watan" programmasynda efire berlen çykyşyndan bir bölegi diňläp bilersiňiz.

XS
SM
MD
LG