Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lawrow konferensiýa zerur diýýär


Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Jon Kerri bilen Ženewada Siriýa parahatçylyk konferensiýasyny mümkin boldugyça çalt başlamaga ylalaşandygyny aýdýar.

Lawrow bu sözleri anna güni, Waşingtonda Kerri bilen geçiren gepleşiklerinden soň aýtdy.

Lawrow Kerri bilen awgustyň aýagynda, teklip edilýän Ženewa gepleşiklerini taýýarlamak üçin ýene duşuşjakdygyny habar berdi.

Kerri Orsýet bilen Birleşen Ştatlaryň Siriýadaky raýat urşy baradaky dürli garaýyşlarynyň üstünde işlemelidigini, şeýle-de raketa gorag sistemasy, Owganystan, Eýranyň dawaly ýadro programmasy we Demirgazyk Koreýa meseleleri boýunça progres gazanmaga çalyşmalydygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG