Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hindistan ýadro gämisini synaýar


Premýer-ministr Manmohan Singh şenbe güni Hindistanyň özünde ýasalan ilkinji ýadro suwasty gämisiniň açyk suwlarda synag edilmegi üçin deňze goýberilmäge taýýardygyny aýtdy.

Bu gäminiň doly işe girizilmeginden öň soňky synagydyr. 6 müň tonnalyk «INS Arihant» (Duşmanlary ýok ediji) gämisi 2009-njy jemgyýetçilige görkezildi.

Singh munuň ýurduň tehniki mümkinçiliklerini ösdürmekde ägirt uly ädim bolandygyny aýtdy.

Hindistanyň goranmak resmileri «Arihant» gämisiniň 85 megewatlyk ýadro reaktorynyň bardygyny aýdýarlar. Onuň 95 adamdan ybarat ekipažy bolar.
XS
SM
MD
LG