Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Putin Azerbaýjana sapar eder


Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin sişenbe güni Azerbaýjana sapar etmegi planlaşdyrýar.

Kremliň habar bermegine görä, Putin azeri prezidenti Ylham Aliýew bilen ikiçäk görüşer we giňişleýin meseleleri ara alyp maslahatlaşar.

Orsýetiň prezidentiniň kömekçisi Ýuriý Uşakow “ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň bäş ýa-da alty sanysynyň gol çekilmäge taýýarlanylýandygyny” mälim etdi.

Uşakow şol ylalaşyklaryň hersi barada takyk maglumat bermedi. Ýöne olaryň energiýa ulgamy bilen baglanyşyklydygyny aýtdy.

Şeýle-de, duşuşygyň dowamynda Hazar deňziniň kanuny statusy baradaky meseleleriň we Daglyk-Garabag konfliktiniň çözülmegi hakyndaky gepleşikleriň geçirilmegine garaşylýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG