Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ysraýyl täze jaýlary gurmakçy


Ysraýyl resmileri Gündogar Ýerusalimde ýewreý obalary üçin 900 töweregi jaýyň guruljakdygyny mälim etdiler.

Içeri işler ministrligiň metbugat-wekili Efrat Orbaç sişenbe güni çykyş edip, Gilo sebitini giňeltmek boýunça taslamanyň ykrar edilendigini aýtdy.

Mundan öň, ýekşenbe güni Ysraýyl Günbatar kenarda we Gündogar Ýerusalimde 1 müň 200 gowrak täze jaý gurjagyny aýdypdy. Häzirki gürrüňi edilýän 900 jaý mundan daşgary guruljak binalardyr.

Bu wakalar ABŞ-nyň araçylyk etmeginde çarşenbe güni geçirilmeli Ysraýyl-Palestina ýaraşyk gepleşiklerine gabat geldi.

Waşington Ysraýylyň goşmaça jaýlary gurmak planlaryna “çuňňur aladasyny” bildirdi. Şol bir wagtda, ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri palestinalylara ýüzlenip, Ysraýylyň gurluşyk planlaryna “öçlülik bilen jogap bermezlige” çagyrdy.
XS
SM
MD
LG