Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kakaryň alnyp gaçylandygy tassyklandy


Owganystanyň resmileri parlamentiň aýal agzasynyň alnyp gaçylandygyny tassykladylar.

Çarşenbe güni Owganystanyň polisiýasynyň beren maglumatyna görä, Fariba Ahmadi Kakar geçen hepdäniň soňunda üç çagasy bilen Gazny welaýatynyň merkezinden sapar edip barýarka alnyp gaçylypdyr.

Gazny welaýat gubernatorynyň orunbasary Muhammad ali Ahmadi, duşenbe güni geçirilen operasiýada howpsuzlyk güýçleriniň çagalary azat etmegi başarandygyny aýtdy. Ýöne Ahmadi Kakary alyp gaçanlaryň ony başga ýerde saklaýandygy üçin, howpsuzlyk güýçleriniň entäk hem ony gözleýändigini sözüne goşdy.

Owganystanyň ýerli polisiýasynyň berýän maglumatyna görä, Kakary alyp gaçanlar dört sany "Talyban" tussagynyň azat edilmegini talap edýärler.

Muňa garamazdan, "Talybanyň" sözçüsi Zabihullah Mujahid bolsa, Kakaryň alnyp gaçylmagy barada özünde hiç hili maglumatyň ýokdygyny nygtady.

Mundan ozal Kakaryň alnyp gaçylandygy barada bulaşyklyklar bolupdy.

Kakaryň adamysy aýalynyň alnyp gaçylmandygyny, onuň Türkiýededigini, garyndaşlary bolsa keselhanadadygyny aýdypdylar.
XS
SM
MD
LG