Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Müsür: Reýdde 280 çemesi adam öldi


Oturma lagerlerine geçirilen reýdden soň... Kair, 14-nji awgust, 2013.
Oturma lagerlerine geçirilen reýdden soň... Kair, 14-nji awgust, 2013.
Müsüriň howpsuzlyk güýçleriniň çetleşdirilen prezident Muhammad Morsiniň tarapdarlarynyň protest lagerlerini bozmaklary bilen bagly dörän tutluşyklarda ýurt boýunça 280-e golaý adamyň öldürilendigi, 2000 çemesi adamyň bolsa ýaralanandygy habar berilýär.

Häkimiýetler ýogalanlaryň 235-siniň asuda ilata degişlidigini, 43-siniň bolsa howpsuzlyk güýçleriniň agzasydygyny aýtdylar.

«Musulman doganlygy» ölenleriň sanynyň häzirki aýdylýanyndan köpräkdigini aýdýar.

Ýene harby düzgün girizilýär

Harbylaryň goldawyna daýanýan häkimiýetler çarşenbe güni bolan gandöküşiklikden soň ýurtda bir aýlyk adatdan daşary ýagdaý düzgüniniň, şol sanda Kairde we 10-dan gowrak welaýatda komendant sagadynyň girizilýändigini yglan etdiler.

Nobel parahatçylyk baýragynyň eýesi Muhammad ElBaradeý, protest hökmünde, geçiş hökümetiniň wise-prezidentliginden çekildi.

Protestçileriň güýç bilen basylyp ýatyrylmagy sebitdäki döwletler bolan Türkiýe we Eýran, şeýle-de Birleşen Ştatlar we Ýewropa Bileleşigi tarapyndan berk ýazgaryldy.

Howpsuzlyk güýçleri Kairdäki Rabaa al-Adawiýa metjidiniň ýanyndaky we Nahda skwerindäki protest lagerlerini arassalamak üçin göz ýaşardyjy gaz, hakyky ok, buldozer we bronly maşynlary ulandy.

Bu operasiýadan soň ol ýerler ýykyk-ýumruk harabaly, ot-ýalnyň yzynda gana bulaşyp ýatan adamlardan doly uruş zonasyny ýatlatdy.

Aleksandriýa, Minýa, Assiut, Faýoum, Suez şäherlerinde we beýleki ýerlerde hem söweşleriň bolandygy habar berildi.

"Indi protestlere ýol berilmez"

«Musulman doganlygynyň» tarapdarlary 3-nji iýulda harbylar tarapyndan işden çetleşdirilen Morsini wezipesine dikeltmek ugrundaky kampaniýalaryny dowam etdirmegi wada berdiler.

Emma içeri işler ministri Muhammad Ibrahim indi häkimiýetleriň çarşenbe güni howpsuzlyk güýçleri tarapyndan dargadylan iki lager ýaly oturyp protest geçirilýän ýerleriň döremegine ýol bermejegini aýtdy.
"Musuman doganlygynyň" agzalary we Morsiniň goldawçylary gaçyp barýarlar. 14-nji awgust, 2013.
"Musuman doganlygynyň" agzalary we Morsiniň goldawçylary gaçyp barýarlar. 14-nji awgust, 2013.

"Adatdan daşary ýagdaý yglan edilip, prezident harbylara polisiýa güýçlerine ýardam etmek ygtyýaryny bereninden soň, biziň ýaragly güýçler bilen doly koordinasiýamyz esasynda, her hili pidalara garamazdan, biz ýurtda hiç bir oturma protestiniň guralmagyna ýol bermeris."

Içeri işler ministri Müsürdäki howpsuzlygyň derejesini ozalky prezident Hosni Mubageriň döwrüdäki derejesine ýetirmegi wada berdi. Mubarek 2011-nji ýylyň fewralynda, halk rewolýusiýasy netijesinde işden çetleşdirilipdi.

Müsür Mubaregiň häkimiýet başynda bolan 29 ýylynyň köp böleginde adatdan daşary ýagdaý düzgüninde saklanypdy.

Waşington taraplar yza tesmeli diýýär

ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri çarşenbe güni bolan zorlugy müsürlileriň arasyndaky barlyşyga bökdenç hökmünde ýazgaryp çykyş etdi. Kerri Waşingtonda okalan beýanatynda ähli taraplary yza tesip, mundan beýläk gan dökülmeginiň öňüni almaga çagyrdy.

"Bu günki wakalar gamgyn we olar müsürlileriň parahatçylyk, bileleşik we hakyky demokratiýa isleglerine ters gelýär. Hökümetiň içindäki we daşyndaky müsürlileriň hemmesiniň yza tesmegi gerek. Olar ýagdaýy köşeşdirmeli we mundan aňryk adam ömrüniň kesilmegine ýol bermejek bolmaly. Şeýle-de biz adatdan daşary ýagdaý düzgüniniň yzyna getirilmegine berk garşy durýarys, hökümeti esasy adam hukuklaryny hormatlamaga çagyrýarys."

Waşingtonyň öz iň uly arap ýaranynda bolan zorluga jogap hökmünde nähili çäre görjegi anyk däl. Birleşen Ştatlar Müsüre ýylda 1.5 milliard dollar çemesi aglaba harby kömek edýär we bu ýurduň harby ýolbaşçylarynyň köpüsi Birleşen Ştatlarda tälim alan.

"Demokratiýa urlan zarba"

Türkiýäniň premýer-ministri Rejep Taýyp Erdoganyň edarasy bu zorlugy «demoratiýa dolanmak umytlaryna urlan çynlakaý zarba» diýip atlandyrdy.

Eýran bolsa «raýat urşunyň ähtimallygyny» duýdurdy.

Morsi millionlap müsürli köçelere çykyp, prezidentiň yslamçylar bilen baglanyşygyna garşy we onuň hökümetiniň Müsüriň ykdysadyýetini 2011-nji ýylyň rewolýusiýasyndan bärki gaýtgynlykdan çykaryp bilmänligi üçin demonstrasiýa geçirmekleri netijesinde agdarylypdy.

Harbylar demokratiki esasda saýlanan prezidenti halk köpçüliginiň talaby esasynda işden çetleşdirendiklerini aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG