Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Müsürde 280-e golaý adam öldi


Müsürde howpsuzlyk güýçleriniň protest lagerlerine hüjüm etmegi netijesinde dörän ýowuzlyklarda 280-e golaý adam öldi, 2 müňe golaýy hem ýaralandy. Bu protest lagerleri Kairde häkimiýetden çetleşdirilen prezident Muhammet Morsiniň tarapdarlary tarapyndan gurnalypdy.

Müsüriň ýolbaşçylary, ölenleriň 235 sanysynyň asuda raýatdygyny, 43-siniň hem ýurduň howpsuzlyk güýçleriniň agzalarydygyny aýtdy.

Emma “Musulman doganlar” hereketiniň aýtmagyna görä, ölenleriň sany aýdylýanyndan has köp.

Çarşenbe günki gan döküşikden soň Müsüriň harbylara daýanýan häkimiýeti ýurtda bir aýlyk ählumumy adatdan daşary ýagdaý yglan etdi.

Bu wakalara protest bildirip, Parahatçylyk boýunça Nobel baýragynyň eýesi Muhammad El-Baradeý wagtlaýyn hökümetdäki wise-prezident wezipesinden çekildi.

Müsürdäki bu çaknyşyklar regional güýç hasaplanýan Türkiýe we Eýran, şeýle-de Birleşen Ştatlary we Ýewropa Bileleşigi tarapyndan ýazgaryldy.
XS
SM
MD
LG