Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Erdogan Türkmenistana sapar edýär


Türkmenistanyň we Türkiýäniň baýdaklary
Türkmenistanyň we Türkiýäniň baýdaklary
Penşenbe güni Türkiýäniň premýer-ministri Rejep Taýyp Erdogan Türkmenistana sapar edýär. Türkmenistanyň prezidentiniň çakylygy esasynda edilýän saparyň dowamynda iki ýurduň özara ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we perspektiwalary maslahat ediler diýlip maglumat berilýär.

Rejep Taýyp Erdogan özüniň bir günlük saparynyň dowamynda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşyk geçirer. Şeýle-de türk hökümetiniň baştutany Türkmenbaşy şäherine we "Awaza" syýahatçylyk zolagyna barar.

"Itar-Tass" habar gullugynyň maglumatynda nygtalyşy ýaly, Erdoganyň saparynyň dowamynda Hazaryň Türkmenistan kenarynda täze halkara deňiz portunyň düýbüni tutuş dabarasy-da bolar.

"Awaza" edýän saparynyň çäginde Erdogan Türkmenistanda iş alyp barýan türk kärhanalarynyň wekilleri bilen-de duşuşar. Nygtalmagyna görä, ýurtdaky gurluşyk proýektleriniň aglabasy türk kompaniýalary tarapyndan alnyp barylýar.

Gurluşyk

"Itar-Tass" habar agentliginiň maglumatyna laýyklykda, häzirki güne çenli Türkmenistanda 600 töweregi türk kompaniýasy hasaba alnypdyr. Türk kärhanalarynyň Türkmenistanda, esasan, gurluşyk, energetika, senagatçylyk, transport we kommunikasiýa pudaklarynda iş alyp barýandyklary bellenilýär.

Şu ýyl Türkiýäniň "Polimeks" gurluşyk kompaniýasy umumy bahasy 2.5 milliard dollardan hem geçýän proýektleri aldy diýip, "Itar-Tass" gullugynyň maglumatynda bellenilýär.

Şol bir wagtda-da Türkmenistanda alyp baran gurluşyk işleri üçin “hak tölenmändigini” öňe sürüp, ençeme türk kärhanasy türkmen hökümetini suda beripdi. Bu meseläniň Erdoganyň häzirki saparynda maslahat edilip-edilmejekdigi barada hiç hili resmi maglumat berilmeýär.

“Itar-Tass” agentliginiň getirýän sanlaryndan çen tutulsa, onda soňky üç ýylyň dowamynda iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygy 1,5 esse artyp, ol 3,5 milliard dollara ýetipdir.

Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 29-njy fewralynda esaslandyryldy.
XS
SM
MD
LG