Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan täze port gurýar


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Türkiýäniň premýer-ministri Rejep Taýyp Erdogan 15-nji awgustda Hazaryň ýakasyndaky Türkmenbaşy şäherinde täze halkara deňiz portunyň düýbüni tutdy.

Türkmen metbugaty prezident Berdimuhamedowyň bu port Kaspini Kafkaz we Gara deňiz sebiti bilen birleşdirýän täze geoykdysady giňişligi döreder diýen sözlerini ile ýetirdi.

Türkiýäniň premýer-ministri Rejep Taýyp Erdogan bolsa, «Biz Beýik ýüpek ýolunyň häzirki zaman gatnaw ýoluny dikeldýäris» diýipdir.

Bu proýekte 2 milliarda golaý amerikan dollarynyň harçlanjagy, ony Ahmet Çalygyň ýolbaşçylygyndaky «GAP Inşaat» kompaniýasynyň gurjagy aýdylýar.

Port 2016-njy ýylda gurlup gutarylmaly.
XS
SM
MD
LG