Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Müsür: Yslamçylar 'Gazap annasyna' çagyrýar


Agdarylan prezident Morsiniň tarapdary. Kair, 16-njy awgust, 2013.
Agdarylan prezident Morsiniň tarapdary. Kair, 16-njy awgust, 2013.
"Musulman doganlygy" öz goldawçylaryny "Gazap annasyna" çagyransoň, yslmaçylaryň müňlerçe tarapdary protest geçirmek üçin anna güni Kairiň merkezine ýygnandy.

Bu toparyň öz tarapdarlaryny köçelere çykmaga çagyrmagy Müsürde zorlukly hereketler artar diýen gorkyny güýçlendirdi.

Häkimiýetler çarşenbe gününden bäri bolan çaknyşyklarda ölenleriň sanynyň 620-den geçýändigini aýtdylar. Ölenleriň aglabasy asuda ilatdan. "Musulman doganlygynyň" öz tarapdarlaryny "Gazap annasyna" çagyrmagy hem şuňa gabat gelýär.

Milli barlyşyk gerek

Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşi müsürlileri gazaply hereketlerden saklanmaga we "milli barlyşyga" çagyrdy.

Müsüriň geçiş hökümeti howpsuzlyk güýçleriniň yslamçylara ýowuz daramagy sebäpli halkara derejesinde, şol sanda amerikan prezidenti Barak Obama tarapyndan hem edilen tankytlary ret etdi. Ol bir beýannama çykaryp, bu tankytlaryň "faktlara" esaslanmaýandygyny, onuň zorluga ýykgyn edýän ýaragly toparlary gazaply hereketlere hyjuwlandyryp biljekdigni aýtdy.
Morsiniň tarapdarlary protest mahalynda ýaralanan protestçini göterip barýarlar. Ramses skweri, Kair. 16-njy awgust, 2013.
Morsiniň tarapdarlary protest mahalynda ýaralanan protestçini göterip barýarlar. Ramses skweri, Kair. 16-njy awgust, 2013.

Birleşen Ştatlaryň prezidenti penşenbe güni, zorlugyň yzysüre, "Birleşen Ştatlar Müsür bilen bolan hyzmatdaşlygy dowam etdirip bilmez" diýdi.

Obama, şeýle hem, "Ýalkymly ýyldyz" diýlip, atlandyrylan harby türgenleşigiň ýatyrylandygyny habar berdi: "Biz Müsür we onuň halky barada öz wadalarymyzda durduk. Müsür bilen bolan gatnaşygymyzy ýene-de saklamak isleýäris. Ýöne köçelerde parahat ilat öldürilip, hak-hukuk yza tesende, däp bolup gelýän hyzmatdaşlygymyz öňki derejede dowam edip bilmez. Şol sebäpden biz geljek aýa planlaşdyrylan we ýylda iki gezek bilelikde geçirilýän harby türgenleşigi ýatyrýandygymyzy şu gün ertir Müsüriň hökümetine bildirdik".

Howpsuzlyk aladalary

Müsüriň aralyk prezidenti Adli Mansuryň edarasy ýurduň "hökümet binalaryna, möhüm desgalara garşy gönükdirilen terrorçylykly herketler bilen ýüzbe-ýüz bolýandygyny" aýtdy.

Penşenbe güni ýüz beren zorluklarda howpsuzlyk güýçlerine hüjüm edilip, Gizada hökümet edaralaryna ot berlendigi, tutuş ýurtda hristianlaryň ybadathanalaryna hüjüm edilendigi habar berildi.

Waşington amerikan raýatlaryny Müsüri terk etmäge çagyrdy.

Harbylaryň protestçileriň çykyşlaryny basyp ýatyrmagyny ýiti tankytlan regional güýç Türkiýe özüniň Kairdäki ilçisini pikir alyşmak üçin yzyna çagyrýandygyny aýtdy.

Müsür hem muňa özüniň Türkiýedäki ilçisini yzyna çayrmak bilen jogap berdi.

Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşinde geçen duşuşykdan öň Türkiýäniň premýer-ministri Rejep Taýyp Erdogan günbatar döwletlerini Müsürde bolýan gandöküşiklikleri äsgermezlik etmekde aýyplapdy.

Morsiniň 3-nji iýulda prezidentlikden agdarylyp, tussaglyk astyna alynmagyna getiren - millionlarça müsürliniň köçelere çykyp, prezidentiň yslamçylar bilen bolan ilteşigine we onuň hökümetiniň 2011-nji ýyldaky rewolýusiýadan bäri ýurduň ykdysadyýetiniň aşaklamagyny togtadyp bilmänligine garşy protest geçirmegi boldy.

Harbylar prezidenti halkyň talaby esasynda häkimiýet başyndan aýrandyklaryny aýdýarlar.

please wait

No media source currently available

0:00 0:02:59 0:00
Ýükle
XS
SM
MD
LG