Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

'51-nji zona' boýun alyndy


Birleşen Ştatlaryň Merkezi aňtaw gullugy (MAG) Newada çöllüginde "51-nji zona" diýilýän gizlin synag ýeriniň bardygyny resmi taýdan boýun aldy.

Bu zonanyň bardygy onlarça ýyllap berk gizlinlikde saklanypdy.

MAG Jorj Waşington uniwersitetiniň jemgyýetçilik ýazgylary boýunça talabyna jogap berdi we bu zonanyň gizlin edilmedik aňtaw taryhyny aýan etdi.

Bu dokumentde Merkezi aňtaw gullugynyň 1950-nji ýyllaryň ortasynda Gurum kölüniň golaýyndaky çet ýeri "U-2" aňtaw uçaryny synag etmek üçin nähili ulanyp başlandygy gürrüň berilýär.

Ozal hökümet hatda bu hili ýeriň bardygyny boýun hem almaýardy.

"51-nji zona" dildüwşik teoriýalarynda uly orun tutýar, käbirleri bu ýeriň başga planetalardan gelýän kosmos gämileri bilen ilteşiklidigini öňe sürýär.
XS
SM
MD
LG