Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Syýasatçy aýal öldürildi


Pakistanyň demirgazyk-günbatarynda näbelli adamlar dünýewi pikirli syýasatçy aýaly atyp öldürdiler.

Ýerli polisiýa Najma Hanifiň anna güni giçlik Peşawardaky öýünde öldürilendigini aýtdy.

Polisiýa hüjümçileriň sesi ýuwaşadylan sapança ulanandyklaryny, emma bu hüjümiň sebäbiniň anyk däldigini hem sözüne goşdy.

Hanifiň adamsy we ogly 2011-nji ýylyň noýabrynda janyndan geçen talyban hüjümçisiniň özüni partlatmagy netijesinde ölüpdi.

35 ýaşyndaky Hanif Awami milli partiýasynyň agzasydy we «Talybanyň» berk tankytçylarynyň biri hökmünde tanalýardy.
XS
SM
MD
LG