Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Syýasy meýdan: Ýagdaý üýtgeýärmi?


Demokratik partiýanyň öňki 1-nji sekretary O.Musaýew S.Nyýazowyň elini ogşaýar.
Demokratik partiýanyň öňki 1-nji sekretary O.Musaýew S.Nyýazowyň elini ogşaýar.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow «ýurduň raýatlarynyň kanunçylyga laýyklykda öz syýasy partiýalaryny döretmäge bolan hukuklaryny amala aşyrmaklary üçin ähli zerur şertler döredildi» diýýär.

Ol bu sözleri Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň 17-nji awgustda geçirilen VII gurultaýynda sözlän giňişleýin sözünde aýtdy.

Şeýle-de Berdimuhamedow prezident bolup işleýän wagty özüniň bu partiýa agzalygyny togtadýandygyny, partiýa ýolbaşçylygyny hem öz üstünden aýyrmak kararyna gelendigini habar berdi.

Türkmen lideri bu kararyny ýurtda emele gelen köppartiýalylyk şertlerinde hemme syýasy toparlara deň mümkinçilikleriň döredilmek zerurlygy bilen düşündirdi.

Eýsem bu täzelige ýerli synçylar nähili garaýar? Bu ýagdaý ýurtda hakyky köppartiýalylygyň emele gelmegine, dürli syýasy toparlaryň açyk işläp bilmegine ýol açarmy?

Azatlyk Radiosyndan Ýowşan Annagurban bu barada aşgabatly syýasy aktiwist Nurberdi Nurmmämedow we Şwesiýada ýaşaýan oppozisioner Hudaýberdi Orazow bilen gysgaça söhbetdeşlik gurady.

Bu söhbeti diňläp, siz hem öz pikir-garaýyşlaryňyzy ýazyp galdyryp bilersiňiz.

please wait

No media source currently available

0:00 0:09:37 0:00
Ýükle
XS
SM
MD
LG