Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Siriýalylar Yraga gaçýarlar


BMG-niň Bosgunlar boýunça agentligi müňlerçe siriýaly bosgunyň Yragyň kürt regionyna geçýändigi barada habar berdi.

BMG-niň Bosgunlar boýunça agentliginiň resmisi Adrian Edwardsyň duşenbe güni aýtmagyna görä, geçen çarşenbeden bäri 20 000 golaý siriýaly öz ýurduny terk edipdir. Siriýalylaryň ýurtdan gaçmagynyň takyk sebäpleri barada anyk bir maglumat berilmeýär, emma olaryň ýurtda yslamçy gozgalaňçylaryň we kürt güýçleriniň arasynda gidýän söweşlerden gaçyp gutulýandyklary çak edilýär.

BMG-niň Bosgunlar boýunça agentliginiň Yrak boýunça resmisi Kleýr Bourgeois soňky günlerde bosgunlaryň Siriýadan Yraga tarap geçişini öň görlüp eşidilmedik bir waka, diýip atlandyrdy. Ol Yrakda häzire çenli 154 000 siriýaly bosgunyň hasaba alnandygyny habar berdi.

Siriýada 29 aýlap dowam edýän konfliktiň başyndan bäri iki milliona golaý siriýaly öz ýurduny terk etdi. Olaryň köpüsi Iordaniýa, Türkiýä we Liwana bardy.
XS
SM
MD
LG