Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Yrakda 10 adam öldi


Yragyň günortasyndaky üç şäherde aýry-aýrylykda amala aşyrylan ulagly bomba hüjümlerinde azyndan on adam öldi we başga-da onlarçasy ýaralandy. Bu barada Yragyň resmileri habar berýär.

Ýerli polisiýanyň berýän maglumatyna görä, sişenbe güni amala aşyrylan hüjümleriň iň ulysy Amara şäherindäki söwda zolagynda bolup geçipdir. Şol partlamada dört raýat ölüp, 42 adam hem ýaralandy.

Yrakly generalynyň aýtmagyna görä, Kerkük şäheriniň günortasyndaky Hamrein dagynda aýry-aýrylykda geçirilen operasiýalarda bäş ýaragly adam öldürilip, 116 söweşiji hem tussag edilipdir.

Geçen hepde Yragyň premýer-ministri Nuri Al-Maliki sünni söweşijilerini “terrorist” diýip atlandyryp, olara garşy operasiýalar gurnamaga dowam etjekdigine söz beripdi.

Soňky aýlarda Yrakdaky sünni azlygy bilen şaýy köpçüliginiň arasyndaky mezhepara ýowuzlyklar barha möwjeýär.

Birleşen Milletler Guramasynyň berýän maglumatyna görä, iýul aýynda Yrakda 1057 adam ölüpdir.
XS
SM
MD
LG