Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Siriýa: Hökümet adam gyrmakda aýyplanýar


Siriýalylar partlamanyň bolan ýerinden gaçyp gutulýarlar, Ragga şäheri, awgust, 2013.
Siriýalylar partlamanyň bolan ýerinden gaçyp gutulýarlar, Ragga şäheri, awgust, 2013.
Siriýanyň hökümeti Damaskyň golaýynda, gozgalaňçylaryň elindäki ýerlerde özüniň himiki ýarag ulanandygy barada oppozisiýa tarapyndan edilýän aýyplamalary ret etdi.

Siriýanyň döwlet telewideniýesi hökümet güýçleri çarşenbe güni irden zäherli gazly raketalary atdy diýlip berilýän maglumatlarda “hiç bir hakykatyň” ýokdugyny habar berdi.

Londonda ýerleşýän Siriýada adam hukuklaryna gözegçilik edýän gurama himiki ýaraglaryň ulanylmagy zerarly onlarça parahat ýaşaýjynyň heläk bolandygyny habar berdi we BMG-niň ýekşenbe güni Damaska baran inspektorlaryny derňew geçirmäge çagyrdy.

Adam ýitgisi

Oppozisiýanyň ýerli koordinasion geňeşi ýüzlerçe adamyň ölendigini habar berdi.

Siriýanyň oppozisiýasynyň Milli geňeşiniň lideri Ahmet Al-Jarba Damaskyň golaýyndaky Ghouta diýilýän ýerde bolan gaz hujüminde azyndan 100 adamyň öldürilendigini “Al Arabiýa” täzelikler kanalyna aýtdy. Al-Jarba BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşini bu waka boýunça gyssagly maslahat geçirmäge çagyrdy. Siriýanyň Milli geňeşi öz twitter arkaly ýaýradan maglumatynda Damaskyň golaýyndaky birnäçe ýerlerde 650-den gowrak adamyň hüjümlere sezewar edilendigini hem habar berdi.

Arap ligasynyň başlygy Nabi Elaraby häzirki wagtda Siriýa baran BMG-niň himiki ýaraglar boýunça inspektorlaryny “günbatar Ghouta diýlen ýere baryp, ýagdaýy öwrenmäge we agzalýan hüjümi jenaýatçylyk nukdaýnazaryndan derňemäge” çagyrdy.

Britaniýanyň daşary işler boýunça sekretary William Heýg öz beýannamasynda Britaniýanyň “Damaskyň golaýyndaky ýerlerde ýüzlerçe adamyň, şol sanda çagalaryň howadan edilen zarbalar hem-de himiki ýaragyň hüjümleri zerarly öldürilmegi” baradaky habarlara aladalanma bildirýändigini aýtdy.

Gyssagly çäre

Heýg Britaniýanyň BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşinde Siriýanyň hökümetiniň himiki ýaraglary ulanmagy bilen bagly meseläni galdyrmak talabyny güýçlendirjekdigini mälim etdi.

Siriýanyň döwlet telewideniýesi oppozisiýanyň öňe sürýän häzirki aýyplamalarynyň BMG-niň Siriýadaky inspektorlarynyň ünsüni başga ýana sowmak maksady bilen edilýändigini aýtdy.

Siriýanyň SANA atly döwlet habarlar agentligi daşary ýurt habar serişdeleriniň himiki hüjümiň bolanlygy baradaky habarlaryny tankyt etdi we şol maglumatlaryň Siriýada gandöküşikligi güýçlendirip, terrorçylyga ýardam berýändigini belledi.

Siriýanyň häkimiýetleri we gozgalaňçylar himiki ýaraglary ulanmakda bir-birini aýyplap gelýärler. Siriýada graždanlyk urşy 30 aýa golaý wagt bäri dowam edip gelýär.
XS
SM
MD
LG