Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganlar hökümden nägile


Owgan obasynyň adamlary asuda ilatdan 16 adamy gyrgyna beren amerikan esgerine ölüm jezasynyň berilmezliginden närza bolandyklaryny aýdýarlar.

Bu gyrgynçylykdan aman galanlar we öldürilenleriň garyndaşlary goşun seržanty Robert Beýls babatda adalatly höküm çykarylmady diýýärler.

Anna güni bolan harby suduň žýurisi Beýlsi soňuna çenli oturmaly ömürlik tussaglyga höküm etdi.

Obalylar, olaryň biri 2012-nji ýylyň martynda Beýlsiň gijeki hüjüminde maşgalasynyň 11 agzasyny ýitiripdi, adalatyň diňe «amerikança» dabaralanandygyny, emma owgança dabaralanmandygyny aýtdy.

Owganlaryň bir kowçumy Beýlse garşy görkezme bermek üçin Amerika bardy.

Beýls iýunda, ölüm jezasynyň berilmezligi şerti bilen, bildirilýän ähli günäni boýun aldy.
XS
SM
MD
LG