Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Tunisliler proteste başlady


Paýtagt Tunisde müňlerçe tunisli demonstrasiýa çykdy, olar yslamçylaryň ýolbaşçylygyndaky hökümetiň iş başyndan çekilmegini talap edýärler.

Polisiýa şenbe güni agşam bolan ýörişe 10 müň çemesi adamyň gatnaşandygyny aýdýar.

Oppozisiýa liderleri bu demonstrasiýa dolandyryjy Ennahda partiýasyna garşy bir hepdelik protestiň başlangyjy diýýärler.

Hökümete garşy protestler iýul aýynda bir oppozision syýasatçynyň janyna kast edileninden soň möwjäp başlady. Ol şu ýylda öldürilen ikinji dünýewi syýasatçydy.

Oppozisiýadaky Milli halas ediş fronty hökümeti howpsuzlygy üpjün edip bilmezlikde we ykdysady meselelerde aýyplaýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG