Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Karzaý Şarifden ýardam sorady


Owganystanyň prezidenti Hamid Karzaý Pakistanyň prezidenti Nawaz Şarifden “Talybanyň” söweşijileri bilen parahatçylykly gepleşikleri ýola goýmak üçin elinden geleni etmegi sorady.

Yslamabatda eden çykyşynda Karzaý özüniň Şarif bilen duşenbe güni geçiren gepleşiklerinde maslahat edilen esasy meseläniň “terrorçylyga” garşy bile işleşmek we parahatçylyk prosesine itergi bermek bilen bagly bolandygyny aýtdy.

Karzaýyň bu gepleşiklerde Yslamabadyň öz täsirinden peýdalanyp “Talyýbanyň” liderlerini owgan tarapy bilen parahatçylykly gepleşiklere goşulmaga ündemegini soramagyna, şeýle-de Pakistandan owgan tarapy bilen gepleşik alyp barmaga potensial partnýor bolup biljek talyplary boşatmagy soramagyna garaşylypdy.

Nawaz Şarif owgan prezidenti bilen geçiren gepleşiklerinde ýurtlaryň umumy kynçylyklary we mümkinçilikleri boýunça bile işleşmek kararyna gelendiklerini habar berdi. Şarif söwda, energiýa we aragatnaşyk ugurlaryny agzady.
XS
SM
MD
LG