Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Inguşetiýa: Howpsuzlyk resmisi öldürildi


Orsýetiň durnuksyz Inguşetiýa respublikasynda regional howpsuzlyk ýolbaşçysynyň atylyp öldürilendigi barada habar berilýär.

Orsýetiň Derňew komitetiniň maglumatyna görä, Inguşetiýanyň Howpsuzlyk geňeşiniň başlygy Ahmed Kotiýew sişenbe güni Nižniýe Açaluki atly obasynyň golaýynda awtoulagly barýarka bukuda oturan adamlar tarapyndan atylyp öldürilipdir. Kotiýewiň maşyn sürüjisi hem heläk bolupdyr.

Bu hüjümiň kim tarapyndan amala aşyrylandygy barada entek habar berilmedi.

Emma Inguşetiýanyň ýolbaşçysy Ýunus-Bek Ýewkurow Kotiýewiň ölüminiň onuň respublikada yslamçy hereketleriň zorlukly täsirlerini ýok etmek boýunça alyp baran işi bilen baglydygyny aýtdy. Ýewkurowyň sözlerine görä, Kotiýew söweşijileri “ýaragyny taşlap kadaly durmuşa dolanyp barmaga ündemek” boýunça örän üstünlikli iş alyp barypdyr.
XS
SM
MD
LG