Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Oppozisiýa höküme garşy


Hindistanyň parlament oppozisiýasynyň lideri agyr jenaýat edýän ýetginjeklere berilýän jezany agraltmak üçin kanun taslamasyny hödürlejegini aýdýar.

Suşam Swaraj Nýu-Deli sudy aýal zorlamaga gatnaşan ýetginjege üç ýyllyk türme tussaglygyny bereninden bir gün soň çykyş etdi.

Ol ýetginjek 2012-nji ýylyň dekabrynda 23 ýaşly studentiň toparlaýyn zorlanmagyna we öldürilmegine gatnaşypdy.

Şonda ol 17 ýaşyndady. Başga bir oppozision syýasatçy bolsa, bu ýetginjegiň «jezalandyrylyp öldürilmelidigini» aýtdy we bu hökümden şikaýat etjegini habar berdi.

Bu iş boýunça sud edilýän ýene dört adama, günäli tapylsalar, ölüm jezasynyň berilmegine garaşylýar.

Bäşinji tussag bolsa, görnetin öz janyna kast edip, türmede ýogaldy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG