Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hytaýyň lideri Aşgabada barýar


Hytaýyň lideri Si Jinping uzak möhletleýin gaz söwdasy meselesini maslahat etmek üçin Türkmenistana barýar. Häzirki wagtda Türkmenistan Hytaýyň gaz bilen üpjün edýän esasy daşary ýurtly partnýorydyr.

“British Petroleum” kompaniýasynyň dünýäde energiýa ugrundan statistika barlaglaryna görä, türkmen gazy Hytaýyň gaz importynyň 51% emele getirýär. Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky gaz söwdasy 2009-njy ýylda işe girizilen gazgeçiriji arkaly amala aşyrylýar.

Şeýle-de, Hytaýyň lideri 3-nji we 13-nji sentýabryň aralygynda geçirjek regional saparynyň çäginde Gazagystana, Gyrgyzystana, Özbegistana we Orsýete barar. Hytaýyň döwlet baştutanynyň 5-6-njy sentýabrda Sankt Peterburgda geçiriljek “Uly 20-lik” guramasynyň sammitine we 13-nji sentýabrda Bişkekde boljak Şanhaý Hyzmatdaşlyk guramasynyň sammitine gatnaşmagy planlaşdyrylýar.

"China Daily” neşrine görä, Hytaýyň lideri Si Jinpiniň Merkezi Aziýa saparynyň dowamynda nebit, gaz, transport we maýa goýumlar boýunça ylalaşyklara gol çekilmegine garaşylýar.
XS
SM
MD
LG