Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bişkek: Oppozisiýa howpsuzlyk edarasyna çagyryldy


Gyrgyzystanyň oppozisiýasynyň birnäçe liderleri ýurduň Milli howpsuzlyk ministrligine çagyryldy. Muňa döwlet telewideniýesinde gapma-garşy mazmunly wideonyň görkezilmegi sebäp bolupdyr.

“Akýikat” atly oppozision partiýanyň başlygy Alikbek Jekşenkulowyň Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, duşenbe güni agşam ýurduň baş telekanalynda görkezilen wideoda oppozisiýanyň agzalarynyň atlary sanap geçirilipdir. Şonuň üçin olar sişenbe güni öýlän Milli howpsuzlyk ministrligine çagyrylypdyr.

Bu wideo ýazgysynda ýaş aktiwist Erlanbek Omuraliýew oppozision syýasatçylaryň Naryn derýasyny zäherlemek we bu işde altyn öndürýän “Kumtor” atly korporasiýany aýyplamak üçin dildüwşük gurnaýandygy barada özüniň habarlydygyny aýdýar.

Şeýle-de, Erlanbek Omuraliýew oppozision syýasatçylaryň ýurtda gadagan edilen “Hizb ut-Tahrir” yslamçy toparynyň agzalaryny öz tarapyna çekip, hökümete garşy köpçülikleýin protest aksiýalaryny geçirmegi planlaşdyrýandygy barada aýtdy.
XS
SM
MD
LG