Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝB Ýerewana duýduryş berdi


Ýewropa Bileleşiginiň resmileri “Ermenistanyň Orsýetiň ýolbaşçylygyndaky bileleşige goşulmak baradaky karary, onuň Ýewropa Bileleşiginiň Assosiasiýa ylalaşygyna gol goýmak mümkinçiligine päsgelçilik döredip biler” diýip, duýduryş berdi.

Litwanyň daşary işler ministri we Ýewropa Bileleşiginiň häzirki prezidenti Linas Linkewiçusomyň aýtmagyna görä, Ýewropa Bileleşigi Ermenistanyň Orsýetiň gümrük birligine goşulyşmak baradaky kararyna hormat goýýar. Ýöne Linkewiçusom Ýerewanyň “bir wagtyň özünde iki bileleşige hem goşulyp bilmeýändigini” aýtdy.

Bu mesele barada Şwesiýanyň daşary işler ministri Karl Bildt, özüniň Twitter hasabynda “Yza dönmek” diýip ýazgy galdyrdy.

Sişenbe güni Moskwada Sarkisýan Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin bilen geçiren gepleşiklerinden soň, ýurdunyň Gümrük Bileleşigine goşulmak baradaky niýetini mälim edipdi.

Şeýle-de ol “ýewropa strukturalary” bilen hem dialoglara dowam etjekgidine söz berdi. Ýöne Ýewropa Bileleşigi bilen planlaşdyrylan Assosiasiýa ylalaşygy barada söz ýazmady.
XS
SM
MD
LG