Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazak žurnalisti boşadyldy


Gazagystanyň garaşsyz žurnalisti we raýat jemgyýetçilik aktiwisti deslapky tussaghanadan boşadyldy.

Sişenbe güni giçlik Gazagystanyň demirgazyk-gündogarynda ýerleşýän Ridder şäheriniň sudy Aleksandr Harlamowy öýüne goýberdi. Emma onuň Ridder şäheriniň daşyna syýahat edip bilmejekdigini belledi.

63 ýaşyndaky Harlamow dünýä dinleri barada ýazýan makalalary sebäpli dini ýigrenji öjükdirmek aýyplamalary bilen mart aýynda tussag edilipdi.

Aprel aýynda, Harlamow Ridderden Almatydaky ruhy keseller üçin niýetlenen hassahana ugradylypdy we şol ýerde mejbury gözegçilikde saklanypdy. Şondan birnäçe wagt soň, ol gaýtadan Riddere ugradylyp, deslapky tussaghana ýerleşdirilipdi.

Harlamowyň dogan-garyndaşlarynyň aýtmagyna görä, žurnalist Ridder polisiýasyny adamlaryň hukuklaryny depgilemekde aýyplandan soň, welaýatyň ýolbaşçylary oňa garşy derňewleri başladypdyr.

Birleşen Ştatlaryň Adam hukuklaryna gözegçilik edýän we Halkara din azatlygy boýunça geňeşi gazak resmilerine ýüzlenip, Hatamowa ýöňkelýän aýyplamalary aýyrmaga çagyryş etdi.
XS
SM
MD
LG